Gazagystanyň serhetýaka stansiýasynda koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreş çäreleri gurnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanyň serhetýaka stansiýasynda koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreş çäreleri gurnaldy
Bolaşak stansiýasy (Surat: “Gazagystan demir ýollary”)

Demir ýol ulgamynyň işgärleriniň arasynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň serhet ýakalarynda ýerleşýän Bolaşak stansiýasynda otlulary kabul etmegiň we tabşyrmagyň tertibi üýtgedildi. Bu barada “Gazagystan demir ýollary” duşenbe güni habar berdi.

Iki ýurduň demir ýol administrasiýalary ýük otlulary kabul edileninde Türkmenistanyň we Gazagystanyň demir ýol işgärleriniň galtaşmaklaryny mümkin boldugyndan azaltmak boýunça ylalaşdylar.

Stansiýanyň ýolbaşçysy Maksat Nurbekowyň aýtmagyna görä, ozal otlulary kabul etmek işine birnäçe hünärmen gatnaşýan bolsa, indi otlulary we resminamalary lokomotiwiň maşinisti we onuň kömekçisi kabul edýär.

Kabul ediş tertibiniň üýtgedilmegi otlulary taýýarlamaga gidýän wagtyny 1.5 sagada golaý azaltdy. Şol bir wagtda hem, üstaşyr geçýän wagonlaryň stansiýada saklanýan wagtyny hem tygşytlady. Bular serhet barlagynyň hiline täsir etmeýär.

Stansiýada işgärler çalşyk boýunça meýilleşdirilen düzgünde işleýärler. Işiň häsiýeti ony uzakdan ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýär. Bu ýerde keseliň öňüni almak üçin ähli çäreler görlendir.

Ýylyň başyndan bäri Bolaşak stansiýasyna Türkmenistandan 105 otly ýa-da 4,725 wagon baryp, ondan 97 otly ýa-da 4,392 wagon ugrady.

2022