Türkmenistan bilen UNСTAD sanlaşdyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen UNСTAD sanlaşdyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirýär
Onlaýn maslahatda taraplar Türkmenistanyň Söwda we ösüş boýunça UNСTAD-yň Geňeşine girmegi bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNСTAD) arasynda çarşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem giňeltmäge gyzyklanmalaryny tassyklap, Türkmenistanyň Söwda we ösüş boýunça UNСTAD-yň Geňeşine girmegi bilen baglanyşykly meselelere garadylar, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda pikir alyşdylar.

Şeýle-de onlaýn maslahatda 2020 – 2023-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň ikinji tapgyryny uýgunlaşdyrmak bilen baglylykda, Döwlet gümrük gullugy – UNСTAD – BMG-niň Ösüş maksatnamasy “Halkara hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň “Bir penjire” toruny ornaşdyrmak” atly bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek meselelerine esasy üns berildi.

Döwrebap maksatnama üpjünçiliginiň jarnamalaryň elektron usulyny ýola goýmaga, resminamalary bellige almak we resmileşdirmek düzgünlerini kämilleşdirmäge hem-de ýönekeýleşdirmäge ýardam berjekdigine garaşylýar.

Häzirki wagtda dünýäniň 195 ýurdunyň goşulyşan UNСTAD-yň alyp barýan işleri halkara söwdanyň hem-de deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda degişli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir.

Geçen ýyl Döwlet gümrük gullugy we UNСTAD “ASYСUDA World” utgaşdyrylan maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça Tehniki hyzmatdaşlyk hakynda taslama ylalaşygyna gol çekdiler. Bu ulgam arkaly “Bir penjire” tory Türkmenistanyň ähli gümrük barlag-geçiriş nokatlarynda ornaşdyrylar.

2022