Türkmenistanyň DIM-i: ýurtda aýratyn howply ýokanç keselleriň öňi alynýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň DIM-i: ýurtda aýratyn howply ýokanç keselleriň öňi alynýar
Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň netijeliligi we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada jikme-jik gürrüň edildi.

Daşary işler ministrliginde çarşenbe güni “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlyk” atly brifing geçirildi.

Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň netijeliligi we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada jikme-jik gürrüň edildi. Ýurtda adam saglygynyň hemmetaraplaýyn goraglylygy boýunça milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, şeýle-de Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän maslahatlaryna laýyklykda we ýurduň milli kanunçylygynyň kadalarynyň nazarda tutulmagynda aýratyn howply ýokanç keselleriniň öňüniň alynmagy boýunça zerur çäreleriň görülýändigi nygtalyp geçildi.

Maslahatda Türkmenistanda COVID-19 koronawirusy bilen bagly hiç bir ýagdaýyň hasaba alynmandygy hem aýratyn bellenildi.

Öz çykyşlarynda halkara guramalaryň wekilleri ýurduň ilatynyň immunizasiýasynyň ýokary derejeliligi, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça hereket edýän taslamalar we maksatnamalar bilen bir hatarda, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler.

Türkmenistanyň ählumumy sagdynlygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlary bilen geljekki özara gatnaşyklaryň has işjeň ýagdaýda dowam etdirilmegine degişlilikde pikirler alşyldy.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga, şonuň ýaly-da, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

2022