Türkmenistanyň Prezidenti bilen BMG-niň ýolbaşçysy pandemiýanyň dünýädäki täsirini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti bilen BMG-niň ýolbaşçysy pandemiýanyň dünýädäki täsirini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. (Nýu-Ýork, 30.09.2018)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda çarşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Döwlet Baştutany we iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy halkara gün tertibiniň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Sebit howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň möhüm şerti, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň orny aýratyn nygtaldy.

“Häzirki döwürde adamzat giň geografik giňişlikleri gurşap alan hem-de köp sanly döwletleriň we halklaryň adaty durmuşyny üýtgedýän täze, örän howply ýagdaýa gabat geldi. Ýüze çykan bu howpa garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirjek ýeke-täk, hemmetaraplaýyn halkara düzümi hökmünde BMG-niň ähmiýeti öňküden-de ýokarlanýar” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen Lideri häzirki döwürde ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşde sebitiň ýurtlary bilen bilelikde hususan-da, Özbegistan we Azerbaýjan bilen bilelikdäki serhetlerde sanitariýa-karantin çärelerini üpjün etmek boýunça arkalaşykly işlenýändigini aýtdy.

“Häzirki çylşyrymly döwürde Türkmenistan goňşy Eýran döwletine ynsanperwerlik kömegini iberdi. Owganystanda ykdysady we durmuş taslamalaryny amala aşyrmagy ýokary depginler bilen dowam edýär. Özbek we gazak goňşularymyz bilen bilelikde biz raýatlarymyzyň öz ýurtlarymyzyň çäklerinde bolmagyna amatly şertleri döretmek üçin birnäçe çäreleri amala aşyrdyk” diýip, ýurt Baştutany belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pandemiýa garşy alnyp barylýan göreşde ähli döwletlere milli maliýe-ykdysady ulgamlaryny hem, umuman, dünýä ykdysadyýetini hem kadaly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýän işiň täze görnüşleriniň we usullaryň gözleniljekdigine ynam bildirdi.

“Biz ulag serişdeleriniň dünýäde hojalyk gatnaşyklarynyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýandygyna düşünýäris” diýen döwlet Baştutany, Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň durnukly işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk usullaryny döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti “Häzirki döwürde giň halkara gatnaşyklary bolmazdan, öňde duran ähli wezipeleri üstünlikli çözmek mümkin däldir” diýip belledi.

Antoniu Guterriş BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin ýurt Baştutanyna hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň aýratyn ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde özüni görkezendigini aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022