“Commerzbank” Türkmenistandaky taslamalary maliýeleşdirmek mümkinçiliklerine seredýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Commerzbank” Türkmenistandaky taslamalary maliýeleşdirmek mümkinçiliklerine seredýär
Edara binasy Germaniýanyň Frankfurt şäherinde ýerleşýän ýurduň iri banklarynyň biri bolan “Commerzbank AG”-niň dünýäniň 50-den gowrak ýurdunda şahamçalary hereket edýär.

Türkmenistanyñ Daşary ykdysady iş bankynda penşenbe güni Germaniýanyň “Commerzbank AG” bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşiklerde german kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalaryň maliýeleşdirilmegi meselesine seredildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen “Commerzbank AG”-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, gatnaşyklaryň wajyp ugurlary barada pikir alyşdylar.

Maliýe edaralarynyň wekilleri halkara kadalary we iň uly halkara tejribeleri göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamyndaky oňyn üýtgeşmeleri we bu ugurda sanly ulgama geçmegiň wajyplygy barada aýtdylar.

Bilelikdäki taslamalary geljekde ösdürmek barada hem gürrüň eden taraplar Ykdysadyýet boýunça türkmen-german hökümetara iş toparynyň wajyp orny barada aýdyp geçdiler. German tarapy ýene-de bir gezek Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny goldaýandygyny we özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Edara binasy Germaniýanyň Frankfurt şäherinde ýerleşýän ýurduň iri banklarynyň biri bolan “Commerzbank AG”-niň dünýäniň 50-den gowrak ýurdunda şahamçalary hereket edýär.

2022