Halkara birleşik bilen Aşgabat awtomobil ulaglarynyň hereketi boýunça tejribe alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halkara birleşik bilen Aşgabat awtomobil ulaglarynyň hereketi boýunça tejribe alyşdy
Gatnaşyjylar awtomobil ulaglaryny hem-de ýurda girýän we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary bagly meseleleri maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde anna güni Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda IRU-nyň bilermenleri ýük daşamalaryna degişlilikde ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleri dogrusynda gürrüň etdiler hem-de şeýle meseleleri kadalaşdyrýan halkara hukuk resminamalary bilen tanyşdyrdylar.

Bilermenler şonuň ýaly hem, halkara maksatly ýükleriň deslapky ýagdaýda jarnamalaşdyrylmagynyň ulgamyny – TIR-EPD hödürlediler. Bu ulgam harytlaryň gümrük taýdan resmileşdiriş amallary bolmak bilen, ol Internet tory arkaly amala aşyrylýandyr.

Şeýle-de gatnaşyjylar awtomobil ulaglaryny hem-de ýurda girýän we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, “Türkmenawtoýollary”, “Türkmendemirýollary” we “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

2022