ÝTÖB pandemiýaň täsirine garşy göreşmek üçin 21 milliard ýewro berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB pandemiýaň täsirine garşy göreşmek üçin 21 milliard ýewro berer
ÝTÖB-niň dolandyryş merkezi, London, Beýik Britaniýa (Surat: ÝTÖB)

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) ähli işini maýa goýan 38 ýurdunda koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan ykdysady netijelere garşy göreşmek üçin gönükdirmekçi.

“ÝTÖB-niň paýdarlary şu gün 13-nji martda ilkinji gezek yglan edilen ýardam bermek maksatnamasyna itergi berjek birnäçe giňişleýin çäre görmek barada ylalaşdylar” diýip, ÝTÖB-niň penşenbe güni ýaýradan metbugat-beýanatynda aýdylýar.

Bank ýurtlara goldaw bermek üçin 2020-2021-nji ýyllarda 21 milliard ýewro (22.6 milliard ABŞ-niň dollary) möçberinde serişdeleri bölüp bermäge taýýardygyny hem aýtdy.

ÝTÖB-niň prezidenti Suma Çakrabarti COVID-19 pandemiýasynyň dünýä ykdysadyýetine henize çenli görlüp-eşidilmedik täsirini ýetirendigini aýtdy.

Çakrabarti: “Çökgünlik häzirki wagtda giňişleýin ýaýyldy welin, ÝTÖB-niň geljek 1-2 ýylda alyp barýan işleriniň ählisini ýeňip geçmegine garaşylýar” diýip belledi.

ÝTÖB bar bolan gurallary uýgunlaşdyrjakdygyny we giňeltjekdigini, şol bir wagtyň özünde hem, pandemiýanyň ýüze çykan döwletlerine maliýe goldawyny bermek üçin täze başlangyçlary işläp düzjekdigini aýtdy.

ÝTÖB tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler toplumynyň esasy serişdesi kompaniýalaryň gysga möhletli çykdajylaryny ýapmak we pul dolanyşygy üçin olary maliýe goldawy bilen üpjün etmek maksatnamasydyr.

Penşenbe güni bank bu maksatnamanyň göwrümini 1 milliard ýewrodan 4 milliard ýewro çenli artdyrmak kararyna geldi.

1991-nji ýylda döredilen ÝTÖB-niň dolandyryş merkezi Londonda ýerleşip, ol 69 ýurda we ÝB-niň iki guramasyna degişlidir.

2022