Aşgabat we Ýewropa Bileleşigi halkara ýük daşamalary boýunça pikir alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Ýewropa Bileleşigi halkara ýük daşamalary boýunça pikir alyşdy
Duşuşykda ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täzelenen Strategiýasynyň maksatlary we wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonsonyň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň hem-de ÝB-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we geljegine garaldy.

Adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly we ygtybarly halkara ýük daşamalaryny üpjün etmek boýunça türkmen Lideriniň teklibi esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýete eýe bolmagy bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hem pikir alyşdylar.

Dünýäniň ösüş meýillerini nazara almak bilen, energetika we ynsanperwer ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle-de duşuşykda ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täzelenen Strategiýasynyň maksatlary we wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda öz wekilhanasyny 2019-njy ýylda Aşgabatda açypdy.

Wekilhana ÝB-e agza ýurtlaryň ilçihanalarynyň işlerini utgaşdyrýar. Şeýle-de wekilhana Türkmenistanda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ýola goýulmagy boýunça iş alyp barýar.

2022