Halkara düzümler Türkmenistanyň ýokanç keselleriň öňüni alyş ýörelgesini goldadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halkara düzümler Türkmenistanyň ýokanç keselleriň öňüni alyş ýörelgesini goldadylar
Taraplar Türkmenistanda howply ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur bolan çäreleriň görülýändigini aýratyn bellediler.

Daşary işler ministrliginde duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky agentlikleriniň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy, ÝUNISEF-iň hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky bilelikdäki meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanda howply ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur bolan çäreleriň görülýändigini aýratyn bellediler. Degişli işler Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda hem-de milli kanunçylygy nazara almak bilen geçirilýär.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska Türkmenistanyň BSGG-niň epidemiologik gözegçilik hem-de jogap çärelerini görmek boýunça Ählumumy ulgamynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyp, halkyň saglygyny goramak babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan ýokanç keselleri azaltmak hem-de ählumumy sanjym işleriniň maksatnamasyny amala aşyrmak baradaky meselelere üns berýär. Soňky ýyllarda sanjymlaryň milli senenamasyna täze waksinalaryň hem birnäçesi girizildi.

Şeýle-de Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň ýurda aralaşmagyna ýol bermezlik maksady bilen, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň dolandyryş merkezleri döredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022