Türkmen we ýapon maliýe guramalary maýa goýum gatnaşyklaryna seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we ýapon maliýe guramalary maýa goýum gatnaşyklaryna seretdiler
Döwlet daşary ykdysady iş bankynda wideokonferensiýa görnüşinde Ýaponiýanyň Nippon Eksport we Maýa goýum ätiýaçlandyryş edarasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Döwlet daşary ykdysady iş bankynda duşenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde Ýaponiýanyň Döwlet eksport-karz agentligi bolan Nippon Eksport we Maýa goýum ätiýaçlandyryş (NEXI) edarasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda maliýe-maýa goýum gatnaşyklary babatda bar bolan ylalaşyklar hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada giňişleýin pikir alşyldy.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda himiýa senagaty, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalygy hem-de tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli bolup görünýän beýleki pudaklar bar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň dürli ugurlarda bilelikdäki düzümleýin taslamalary amala aşyrmakda üstünlikli tejribä eýedigi bellenildi. Şol ugurlar boýunça NEXI tarapyndan ätiýaçlandyryş hyzmatlary ýerine ýetirildi.

Munuň mysaly hökmünde Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) arasyndaky karz ylalaşyklaryny agzap bolar. Bu resminamalara soňky ýyllarda nebitgaz toplumynyň, elektroenergetika we himiýa senagatynyň ýokary tehnologiýaly desgalarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen gol çekildi.

Häzirki wagtda NEXI-niň gatnaşmagynda “Türkmenhimiýa” we “Türkmengaz” döwlet konsernleri tarapyndan umumy bahasy ABŞ-niň 3.63 milliard dollaryna barabar bolan taslamalaryň bäşisi durmuşa geçirildi. Häzir Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň buýurmasy boýunça ýapon kompaniýalary Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawatt bolan gazturbina elektrik bekediniň gurluşygyny alyp barýarlar.