Türkmenistan bilen Energetika Hartiýasy üstaşyr energiýa geçirijilerini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Energetika Hartiýasy üstaşyr energiýa geçirijilerini maslahatlaşdylar
Duşuşykda energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň halkara-hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Daşary işler ministrliginde sişenbe güni wideomaslahat görnüşinde Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň, Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygyny döwrebaplaşdyrmagyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ählumumy gün tertibiniň dünýä bazarlaryna täsiri hem-de abraýly guramalaryň çäklerinde mundan beýläk hem hyzmatdaşlygyň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň halkara-hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Munuň özi häzirki wagtda Ýewropanyň we Aziýanyň onlarça ýurduny birleşdirýän energetika hartiýasynyň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biri hasap edilýär.

Tebigy gazyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we onuň çägini giňeltmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm meseleleriniň biridir. Şundan ugur almak bilen, köpugurly gaz-ulag ulgamyny döretmek babatda iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň energetika ulgamynda uzak möhletli durnuklylygy gazanmak, degişli düzümi döretmegiň hasabyna sarp edijileriň ykdysady taýdan bähbitli, ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerine giň elýeterliligini üpjün etmek üçin sebitleýin energetika bazarlarynyň ýakynlaşmagyny ilerletmek baradaky işini goldaýar.

Urban Rusnak türkmen döwletiniň halkara energetika gatnaşyklaryna goşýan goşandyna ýokary baha berip, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň işine işjeň gatnaşýandygynyň ýurduň Ýewraziýa energetika giňişliginde eýeleýän ornuny berkitmäge ýardam edýändigini nygtady.

Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça Geňeşçisi, Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Adalat, Energetika ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

2022