“Siemens” türkmen gaz ýatagyny göçme kompressorlar bilen üpjün eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Siemens” türkmen gaz ýatagyny göçme kompressorlar bilen üpjün eder
“Lebapgazçykaryş” müdirligine “Siemens” kompaniýasynyň SGT-300 we SGT-100 gaz turbina herekete getiriji enjamlary satyn alnar.

“Lebapgazçykaryş” müdirligi “Siemens” kompaniýasynyň göçme kompressorlary bilen üpjün ediler. Kompressorlar Naýyp gaz ýatagynda hereket edýän gazy gaýtadan işleýiş toplumynyň uglewodorod çig mal üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin ulanylar.

Müdirligiň tehniki üpjünçiligi boýunça yglan eden halkara tenderiniň netijesinde “Siemens” kompaniýasynyň SGT-300 we SGT-100 kysymly gaz turbina herekete getiriji enjamlary satyn alnar.

Satyn alynjak gaz turbinalarynyň bloklaýyn ýerine ýetirilişi magistral gazgeçirijilerinde ykjam we tygşytly göçme kompressorlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň maddy-tehniki üpjünçiligi “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” we uglewodorod çig malyny almagyň möçberini artdyrmak boýunça geçirilýän çärelere laýyklykda amala aşyrylýar.

“Lebapgazçykaryş” müdirligi ýylyň başyndan bäri Kükürtli, Malaý, Bagaja, Sakar, Çartak, Farap, Täjibaý gaz ýataklarynda üç milliard kub metre golaý tebigy gazy çykardy. Şeýle-de gaz kondensatynyň önümçiligi artdyrylyp, 21 müň tonna suwuk uglewodorod alyndy.