Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni telefon arkaly gepleşik geçirip, onda sebit we halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Iki goňşy döwletiň Baştutanlary özara söhbetdeşlikde hemişe dostluk häsiýetine eýe bolan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Söhbetdeşler giň geografik çäkleri gurşap alan hem-de köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsir edýän koronawirus (COVID-19) pandemiýasy baradaky meseläni gozgadylar. Bellenilişi ýaly, koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagy ählumumy häsiýete eýe boldy we dünýäde kynçylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.
Ýurt Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ählumumy häsiýete eýe bolan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde edýän tagallalaryny doly goldaýar. “Biziň ýurdumyz bu ýowuz howpa garşy netijeli göreşmek üçin ylalaşykly hereketlere gönükdirilen hem-de dünýäniň ähli halklaryna mahsus bolan iň gowy häsiýetlere, ýagny ynsanperwerlige, özara goldawa we raýdaşlyga daýanýan halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär”.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýer ýüzüniň ähli ýurtlarynyň diňe tagallalary birleşdirmek arkaly bu möhüm wezipäni çözmekde gowy netijeleri gazanyp biljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga berýän uly ünsi üçin eýranly kärdeşine minnetdarlygyny aýdyp, özara peýdaly döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde hem iki doganlyk halkyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Prezident Hasan Ruhani Eýranyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, türkmen Lideriniň ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen sebit we halkara gatnaşyklary ösdürmek, döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda iki goňşy döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny has-da depginli ösdürmäge uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler.