Türkmen we rus wekilleri oba hojalyk önümlerini daşamakda terjibe alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we rus wekilleri oba hojalyk önümlerini daşamakda terjibe alyşdylar
Duşuşykda Türkmenistanyň Hazar sebitiniň Russiýanyň Astrahan oblastyna golaýlygy bilen baglanyşykly oňaýly şertleriniň bardygy aýdyldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde penşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly Russiýanyň “TRANSOÝL – Terminal” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi.

Wideomaslahatda deňizde ýük daşamak we logistika, oba hojalyk önümlerini ibermek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şeýle-de söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada düýpli pikir alşyldy.

Duşuşykda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin amatly şertleriň, şol sanda döwrebap port düzümine eýe bolan Türkmenistanyň Hazar sebitiniň Russiýanyň Astrahan oblastyna golaýlygy bilen baglanyşykly oňaýly şertleriniň bardygy aýdyldy.

Onlaýn duşuşygyň barşynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda esasy ulgamlaryň köp böleginde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň soňky döwürde okgunly ösüşe eýe bolandygy nygtaldy.

Russiýanyň işewürliginiň wekilleri türkmen kärdeşlerini demir ýol, awtomobil we suw ulaglaryndan ösümlik ýaglaryny kabul etmek hem-de ugratmak, şolary saklamak üçin ýöriteleşdirilen terminala eýe bolan kompaniýanyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Bu terminal Narimanow şäheriniň golaýynda, Wolga derýasynyň sag kenarynda ýerleşýär. 

Türkmen tarapyndan onlaýn duşuşyga ýurduň daşary syýasat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.