Samsung: “COVID-19-yň smartfonlaryň we telewizorlaryň satuwyna täsir etmegine garaşylýar”

BIZNES TÜRKMENISTAN
Samsung: “COVID-19-yň smartfonlaryň we telewizorlaryň satuwyna täsir etmegine garaşylýar”
“Samsung Electronics” kompaniýasy COVID-19 sebäpli ýylyň ahyryna çenli smartfonlaryň we telewizorlaryň satylýan möçberini azaltjakdygyny aýtdy. (Surat: “Reuters”)

“Samsung Electronics” kompaniýasy geçen hepdede çap eden birinji çärýegiň hasabatynda COVID-19-yň ýylyň ahyryna çenli onuň işine täsirini ýetirmegi dowam edip, smartfonlaryň we telewizorlaryň satylýan möçberini azaltjakdygyny mälim etdi. Şahsy kompýuterlere, serwerlere we maglumaty ýatda saklaýjy çiplere bolan isleg bolsa artar, sebäbi adamlar öýde işlemegini ýa-da okamagyny dowam edýär.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde gazanylan peýdanyň möçberi 5.3 milliard ABŞ dollaryna barabardyr. Pandemiýa bilen baglylykda displeýlere we elektronika bolan islegiň gaçmagy netijesinde öňki çärýek bilen deňeşdirilende Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň düşewündi takmynan 7.6%-e (45.6 milliard ABŞ dollaryna golaý) aşaklady.

“Apple” we “Huawei” ýaly beýleki öndürijilere maglumaty ýatda saklaýjy kartlary we ekranlary iberiji hem bolup çykyş edýän dünýäniň iň iri smartfon öndürijisi COVID-19 bilen baglylykda, smartfonlara bolan islegiň birden pese düşmegine garaşylýar diýip belledi. Emma kompaniýa onuň onlaýn saklaýjylaryna we şahsy kompýuterlerine bolan islegiň ösjekdigine garaşýar, çünki adamlar uzak aralykdan (öýünden) işlemegini dowam edýär.

“Adamlaryň internet arkaly işlemäge we okamaga has köp wagtyny sarp etmegi COVID-19-yň netijesinde köp sanly adamlar üçin kada öwrüldi” diýip, maýa goýujylar bilen gatnaşyklar boýunça “Samsung”-yň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ben Su belledi.

“"Ykdysadyýet, öýde gal" diýen adalga onlaýn oýunlary oýnaýan, internetde söwda edýän we öýünde kino görýän adamlaryň köpelmegine getirdi we munuň sarp edijiler üçin täze durmuş endigine hakykatdan-da öwrülmegine garaşýarys” diýip, Ben sözüniň üstüni ýetirdi.

2019-njy ýylda “Samsung Electronics” 206 milliard ABŞ dollaryna golaý möçberde girdeji gazandy. Dünýäniň 80 ýurdunda kompaniýanyň enjam ýygnaýjy zawodlary we söwda nokatlary ýerleşýär. Olarda 300 müňden gowrak adam zähmet çekýär. Gazanýan peýdasy boýunça bu kompaniýa dünýäde iň iri durmuş elektronikasyny we ýarym geçirijileri öndüriji bolup durýandyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022