2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça täze wise-prezidenti wezipesine Anna Býerde bellenildi. Bu barada Bütindünýä bankynyň metbugat gullugy habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Býerde Bütindünýä bankynyň sebit boýunça strategik, seljeriş, funksional we bilermenlik işine ýolbaşçylyk eder.
“Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidentiň wezipesinde müşderi ýurtlaryň hökümetleri bilen ýakyn gatnaşykda işlärin, olara ösüş babatda ýokary netijeleri gazanmakda ýardam ederin. Emma häzirki wagtda biziň ünsümiz COVID-19 pandemiýasynyň ilatyň saglygyna we ykdysadyýete ýetirýän täsiriniň netijelerini ýeňip geçmäge gönükdiriler” diýip, Anna Býerde belledi. “Ýakyn wagtda biz adamlaryň saglygyny we ýaşamak üçin zerur serişdelerini goramak üçin maliýe serişdeleri we syýasy gurallary tizleşdirilen görnüşde hödürläris”.
Bütindünýä banky COVID-19 ýaramaz netijelerini ýeňletmek üçin Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryna kömek hökmünde 1.4 milliarddan gowrak ABŞ dollaryny bölüp berendigini mälim etdi. Mundan öň, 2-nji aprelden başlap adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmek taslamalarynyň çäklerinde bu ýurtlara 490 milliona golaý ABŞ dollarynyň bölünip berilmegi tassyklanyldy. Koronawirusyň täze görnüşine garşy bu ýurtlarda görülýän çäreleri goldamak maksady bilen häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we karzlaryň (şol sanda goşmaça maliýeleşdiriş işleriniň) çäklerinde möçberi 925 million ABŞ dollaryna ýetýän pul serişdeleri gaýtadan paýlanýar, ulanylýar we bölünip berilýär.
Mundan öň Anna Býerde bankda Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika sebitlerinde strategiýa we amallar boýunça direktoryň wezipesini eýeleýärdi. 2014-2015-nji ýyllarda ol Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidentiň orunbasary bolup işledi.