Sişenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) gatnaşyjy-döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň nobatdan daşary duşuşygy geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar YHG-niň agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini, hususan-da pandemiýanyň ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara ýetiren täsirini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de onlaýn duşuşykda söwda, ulag, energetika, senagat ulgamlaryndaky özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryna seredildi.
Taraplar çökgünlikli ykdysady ýagdaýlary ýeňip geçmek, şol sanda geljek üçin söwda strategiýalarynyň işlenilip düzülmegi boýunça bilelikdäki hereketler dogrusynda pikir alyşdylar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy sebitleýin döwletara ykdysady gurama bolup, ol 1985-nji ýylda döredildi. Guramanyň agza döwletleri – Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan.