Türkmenistan bilen Eýran ulag-ykdysady çökgünligi ýeňip geçmek boýunça pikir alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Eýran ulag-ykdysady çökgünligi ýeňip geçmek boýunça pikir alyşdy
Diplomatlar ulag-ykdysady çökgünligini ýeňip geçmek boýunça oňyn çözgütleriň gözlenilmegine aýratyn ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sişenbe güni Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Onlaýn duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine meýillidiklerini mälim edip, olar sebitara meseleleriniň birnäçesini hem-de halkara giňişligindäki özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşde tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurlygyny belläp, ulag-ykdysady çökgünligini ýeňip geçmek boýunça oňyn çözgütleriň gözlenilmegine aýratyn ünsi çekdiler. Şol sanda serhetýaka barlag goýberiş nokatlarynda zyýansyzlandyryş we fumigasiýa desgalarynyň oturdylmagynyň bu prosesi tizleşdirmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi.

Taraplar şeýle-de konsullyk häsiýetli meseleleri, KHBS-leriň işini, şonuň ýaly-da medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk hem giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022