Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde sişenbe güni Ýewropa Bileleşigi (ÝB) - Merkezi Aziýa kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň maksady türkmen tarapyny ÝB-Merkezi Aziýa kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin maksatnamasynyň “Merkezi Aziýada aýanlygy ýokarlandyrmaga ýardam we ykdysady jenaýatlara garşy göreş” atly esasy bölegi bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Wideokonferensiýa Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, ÝB-niň ýurtdaky we “Merkezi Aziýada aýanlygy ýokarlandyrmaga ýardam we ykdysady jenaýatlara garşy göreş” atly taslamasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş hem-de bilelikdäki dolandyryş we işewürlik ülňülerini berjaý etmek ýaly ugurlar bilelikdäki taslamalaryň möhüm bölekleri bolup durýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar taslamany durmuşa geçirmegiň ähmiýeti, maksatlary we wezipeleri barada pikir alyşdylar we çäreleriň meýilnamasy bilen tanyşdylar.