Türkmen we özbek Liderleri pandemiýa garşy tagallalaryň işjeňleşdirilmegi barada ylalaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we özbek Liderleri pandemiýa garşy tagallalaryň işjeňleşdirilmegi barada ylalaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2019-njy ýylyň noýabrynda Daşkentde duşuşdylar. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony has hem pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet baştutanlary söwda, energetika, ulag we üstaşyr ýük daşamalary, şeýle-de senagat we oba hojalygy ýaly ähmiýetli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň derejesine aýratyn seredip geçdiler.

Kärdeşler häzirki döwürde dünýä ýüzünde çynlakaý synaga öwrülen täze wirus pandemiýasynyň dünýä ykdysadyýetine we halkara gatnaşyklara ýaramaz täsir edýändigini belläp, bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşmek, onuň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklara ýaramaz täsirini peseltmek üçin tagallalaryň işjeňleşdirilmelidigi barada ylalaşdylar.

Şeýle-de gepleşigiň dowamynda türkmen Lideri goňşy ýurduň birnäçe şäherlerine we ilatly ýerlerine ägirt uly weýrançylyk getiren tebigy betbagtçylyk zerarly Özbegistanyň halkyna çuňňur duýgudaşlyk sözlerini aýdyp, türkmen tarapynyň heläkçilik çeken etraplara zerur kömegi bermäge hem-de degişli düzümleri dikeltmek üçin enjamlary, işçi güýjüni ibermäge we zerur bolan ýardamlary etmäge taýýardygyny aýtdy.

2022