Lebaply ýüpekçiler borçnamany 200 tonna pile tabşyryp berjaý etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply ýüpekçiler borçnamany 200 tonna pile tabşyryp berjaý etdiler
Lebap welaýatynyň etraplaryndaky kabul ediş harmanlaryna toplanylan pileler guradylyp, gaýtadan işlemek üçin ugradylyp başlanar.

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri ýurduň harmanyna 200 tonna golaý pile tabşyryp, borçnamany 110 göterim berjaý etdiler.

Şu ýyl, esasan, welaýatyň tohumçylyk zawodlarynda örüzilen tohumlardan ýetişen ýüpek gurçugy idedildi. Ýerli şertlere uýgunlaşan ýüpek gurçuklary garaşylanyndan hem gowy netije berdi. Şeýlelikde welaýat boýunça 181 tonnalyk sepgitden geçilip, ýüpekçiler harmana artygy bilen pile tabşyrdylar.

Dänew, Döwletli, Kerki etraplarynyň ýüpekçileri diňe bir welaýatda däl-de, ýurt derejesinde-de ilkinjileriň hatarynda pile borçnamasyny berjaý etdiler.

Welaýatyň etraplardaky kabul ediş harmanlaryna toplanylan pileler guradylyp, gaýtadan işlemek üçin ugradylyp başlanar.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2020-nji ýylda 2100 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

2022