Türkmenistan we ispan kompaniýasy çig mallary işlemek boýunça hyzmatdaşlyk etmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we ispan kompaniýasy çig mallary işlemek boýunça hyzmatdaşlyk etmekçi
“TYPSA Group” kompaniýasy 60 ýurtda iş alyp barýar we 32 sanysynda onuň hemişelik wekilleri hereket edýär. (Surat: “Artek”)

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Ispaniýanyň “TYPSA Group” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda sişenbe güni wideo maslahaty geçirildi.

Wideo maslahatyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen “TYPSA Group”-yň arasyndaky senagat desgalarynyň gurluşygyny durmuşa geçirmekde we olara siňdirilýän çig mallary öndürmek pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Onlaýn duşuşykda Türkmenistan dürli zawodlaryň taslamalaryny taýýarlamakda, olary enjamlaşdyrmakda hem-de bu ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Ispan tarapy dürli taslamalary ösdürmekde hem-de olary gaýtadan işlemek boýunça umumy alnyp barylýan işlerde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine hyzmatdaşlyk etmeklige we ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň barşynda ispan kompaniýasy bilen gurluşyk we senagat ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýeti geçen ýylyň fewral aýynda Madrid şäherine bolan saparyň çäklerinde “TYPSA Group”-yň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk barada pikir alşypdy.

“TYPSA Group” daşky gurşawy goramak boýunça raýat inženerçilik tehnologiýalary babatynda garaşsyz maslahat beriş kompaniýasydyr. Kompaniýa 60 ýurtda iş alyp barýar we 32 sanysynda şahamçalary hereket edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022