Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki döwletiň Baştutanlary özara hormat goýmak, netijelilik hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-biregi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen gutladylar.
Türkmen Lideri hemmelere belli bolan ýagdaýlar sebäpli ýüze çykan häzirki kynçylyklar ýeňlip geçilenden soňra Moskwada umumy Beýik Ýeňiş baýramy mynasybetli uly dabaralaryň guraljakdygyna ynam bildirdi.
Telefon söhbetdeşliginde taraplar bütin dünýä bileleşigi üçin çynlakaý synaga öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek meselesine degip geçdiler. Koronawirus keseliniň ýüze çykmagynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň we Russiýanyň raýdaşlyk hem-de özara goldaw bildirip işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri aýratyn nygtaldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda dessin ýagdaýda anyklaýyş enjamlarynyň köp mukdarynyň iberilendigi üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi. “Öz nobatynda Türkmenistan hem Russiýa Federasiýasyna zerur bolan goldawy bermäge taýýardyr”.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli döwlet düzümlerine pandemiýa garşy göreş boýunça bilelikdäki toplumlaýyn maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrmagyň maksada laýyk boljakdygy baradaky pikirini beýan etdi.
Kärdeşler şeýle hem döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen Russiýanyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň hatarynda Hazar deňzi boýunça Türkmenbaşy portunyň hem-de Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlarynyň arasynda parom gatnawynyň ýola goýlandygy bellenildi.