Daşoguzyň sargy serişdeleri kärhanasy önümiň täze görnüşini öndürmäge başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzyň sargy serişdeleri kärhanasy önümiň täze görnüşini öndürmäge başlady
Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda sargy serişdeleriniň ýylda 13 million gaplamasy öndürilýär.

Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda önümiň täze görnüşi öndürilip başlandy. Ini 1 metre, uzynlygy 100 metre barabar bolan sargy serişdeleriniň täze görnüşi lukmançylykda islegli önüm hasaplanýar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşigine degişli bolan kärhanada şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu ýerde ýokary hilli sargy serişdeleriniň ýylda 13 million gaplamasy öndürilýär.

Lukmançylyk hasalary tor görnüşli matalar şekilinde bolup, onuň esasyny düzýän sapaklaryň biri-birine örülişi hem başgaçadyr. Alnan dürli şikeslerden ýa-da ynsan süňňüne hirurgiýa taýdan çemeleşilenden soňra, şeýle sargy serişdeleri ulanylýar.

“Kärhanamyzda öndürilýän dürli ölçegdäki, dürli görnüşli zyýansyzlandyrylan sargylar zerurlygy babatyndan örän ähmiýetlidir” diýip, kärhananyň dokmaçylyk bölüminiň operatory Baýrambibi Baýramowa aýtdy. “Olar adam bedeniniň ähli synalarynda ulanmak üçin juda gaýymdyr. Lukmançylyk bejerişinde arassaçylyga kän zat bagly bolup durýar”.

Baýramowa kärhanada öndürilýän sargy serişdeleriniň arassaçylygyň ähli kadalaryny doly berjaý etmäge niýetlenendigini aýdyp, “Munuň özi kärhanada işleýän her bir işgäriň öz işine juda jogapkärli çemeleşmegini, önümçiligiň ähli düzgünlerini doly berjaý etmegini talap edýär. Häzir kärhanamyzda 300-e golaý hünärmen işleýär” diýip belledi.

Kärhananyň operatory Dädebaý Meňliýew “Meniň işleýän bölümimiň özboluşly iş aýratynlygy bar. Biz önümçilik ulgamy bilen gelip gowuşýan sargy serişdelerini agartmagy hem-de guratmagy, has takygy, zyýansyzlandyrmagy amala aşyrýarys” diýip, öz iş ugry bilen tanyşdyrdy.

Dört bölümden ybarat bolan kärhanada kämil hem duýgur enjamlar oturdylan barlaghana bölümi ähli önümleriň hil derejesine gözegçilik edýän merkezi bolup durýar. Her günde sargy serişdeleriniň müňlerçe gaby aýry-aýrylykda gözegçilikden geçirilýär we her bir önüm ýörite hil görkezijisine laýyk bolsa, önüm ammaryna goýberilýär.

2022