Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde çarşenbe güni “Itochu Corporation” ýapon kompaniýasynyň wekilleri bilen onlaýn maslahat geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar dürli ugurlarda köpýyllyk işewür hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini belläp, netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda ýokary öndürijilikli ýer gazýan tehnikalary getirmek babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Täze bilelikdäki ykdysady taslamalary amala aşyrmak babatda hem pikir alşyldy. Şunda suwarymly ekerançylyga döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwy arassalamak hem-de akar suwlary täzeden ulanmak, gidrotehniki desgalary gurmak we ulanmak boýunça Ýaponiýanyň baý tejribesi uly gyzyklanma döredýändigi agzaldy.
Geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ýer gazmak tehnikasyny satmak we satyn almak boýunça “Itochu Corporation” bilen Baş ylalaşyga gol çekilipdi.
Iri ýapon kompaniýasy 1949-njy ýylda esaslandyrylyp, onuň Tokio we Osaka şäherlerinde merkezleri bardyr. Kompaniýa dokmaçylyk, enjamlar we tehnikalar, awiasiýa we kosmonawtika, energetika, himiýa we azyk senagatlary, maliýe, ätiýaçlandyryş we logistika ugurlary boýunça iş alyp barýar.