Daşary işler ministrliginde çarşenbe güni Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirilip, olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bank-maliýe, medeni-ynsanperwer ulgamlar ýaly strategik ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek babatda pikir alyşdylar. Şunda işewür gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum işini işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Diplomatlar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugrunyň hem işjeň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, ýurtlaryň halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygyny nygtadylar. Mundan başga-da, iki döwletiň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek boýunça meselelere seredildi.
Şeýle hem dünýäde ýüze çykan pandemiýanyň sebitde hem-de dünýäde täsiriniň ýeňilip geçilmegi ugrunda Türkmenistanyň öňe süren teklipleri dogrusynda bellenilip geçildi.
Onlaýn duşuşykda türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew hem-de BAE-niň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Halifa Şahin Halifa Almarar ýolbaşçylyk etdiler.