“Sumitomo Сorporation” türkmen awtoulag we logistika ulgamy bilen gyzyklanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Sumitomo Сorporation” türkmen awtoulag we logistika ulgamy bilen gyzyklanýar
“Sumitomo” 1615-nji ýylda esaslandyryldy.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginde penşenbe güni Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň wekilleri bilen ykdysady taslamalar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanan wideomaslahat geçirildi.

Wideomaslahatda elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalygy we beýleki pudaklarda tagallalaryň birleşdirilmeginiň netijeli boljakdygy barada aýdyldy.

“Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň wekilleri daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlaryň netijeli işi ugrunda ähli zerur şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdiler.

Şeýle hem Türkmenistanda “Demirgazyk – Günorta” we “Gündogar – Günbatar” ugurlary boýunça yklym ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezini döretmegiň çäklerinde logistika ulgamdaky özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy.

Geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Awtoulag serişdelerini satyn almak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda “Simotomo” bilen Baş ylalaşyga gol çekilipdi.

“Sumitomo Corporation” Lebap welaýatyndaky ýönekeý aýlanyşykly gaz turbinalary bilen işlejek Zerger elektrik bekediniň taslamasyny düzmek, gerekli enjamlary satyn almak we durmuşa geçirmek boýunça hem baş potratçydyr.