Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) “COVID-19 pandemiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly sebitleýin başlangyjynyň onlaýn-tanyşdyrylyşy geçirildi.
Wideomaslahata Türkmenistanyň DIM-niň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, şeýle hem MHG-niň agza döwletleriniň Merkezi Aziýadan, Russiýadan we Ýewropadan wekilleri, MHG-niň hünärmenleri, donor guramalary gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş MHG-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýewiň baştutanlygynda geçirildi.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara COVID-19 pandemiýasynyň dünýäniň sosial-ykdysady we ynsanperwerlik ýagdaýyna edýän täsiriniň netijeleri bilermenleriň seljermeginde görkezildi.
Duşuşygyň maksady, häzirki ýagdaýlarda migrantlaryň ýüzbe-ýüz gabat gelýän meselelerini çözmäge aýratyn gönükdirilen, MHG-niň pandemiýanyň täsiriniň öňüni almak üçin hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak boýunça sebitleýin başlangyjynyň taslamasy bilen tanyşdyrmakdan we maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Bu başlangyç pandemiýanyň täsiriniň öňüni almak boýunça hyzmatdaşlyga we sebitde migrasiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen MHG-niň global çagyryşynyň ýörelgelerinde esaslandyrylandyr.