Türkiýe 2020-nji ýylda syýahatçylyk möwsüminde syýahatçylaryň gaýdyp gelmegine taýýarlyk görmek üçin täze gigiýena çärelerini we talaplaryny girizýär. Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý “CNN Türk” bilen geçiren söhbetdeşliginde bu barada aýtdy.
“Iýun aýynda koronowirus pandemiýasynyň töwekgelçiligi az bolan ýurtlar bilen halkara gatnawlar täzeden ýola goýulmaga başlanar” diýip, Türkiýäniň “Daily Sabah” gazeti Ersoýa salgylanyp habar berýär.
Ersoýyň aýtmagyna görä, hökümet myhmanhanalar we restoranlar üçin örän berk düzgünlere laýyklykda sertifikatlaşdyryş maksatnamasyny taýýarlady. Maksatnamanyň gigiýena talaplaryny berjaý edilmegini hem-de sosial aralygy saklamagyny öz içine alýan 132 düzgüni bar. Işgärlere ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleri hem gurnalmalydyr.
Işgärler myhmanlaryň iýmitini we içgisini getirip berýärler. Şwed usulyna rugsat berilýär, ýöne dynç alýanlara öz naharlaryny guýmaga rugsat berilmeýär. Şeýle hem hökümet syýahatçylaryň arasynda meşhur hasaplanýan ýerlerdäki hassahanalar baradaky maglumaty taýýarlap çap etdi.
Türk statistika institutynyň (TurkStat) habaryna görä, 2019-njy ýylda Türkiýede syýahatçylyk girdejisi rekord derejä 34.5 milliard amerikan dollaryna ýetdi. 2018-nji ýylda 39.5 million töweregi syýahatçy gelen bolsa, geçen ýyl 45 milliondan gowrak myhman ýurtda gezelenç etdi.
“TurkStat” -yň hasabatyna görä, ýanwar-fewral aýlarynda ýurduň syýahatçylyk girdejisi 11.4 göterim azalyp, 4.1 milliard amerikan dollaryndan ybarat boldy.