Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellendi
Türkmenistanyň Esasy Kanunyna bagyşlanyp gurlan 185 metrlik Konstitusiýa binasy 2011-nji ýylda açyldy.

Türkmenistanda duşenbe güni Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň baýramy dabaraly ýagdaýda bellendi.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna we baýdak sütünine gül goýmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle-de dabaralara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri hem-de paýtagtyň ilaty ýygnandylar.

Türkmenistanyň Esasy Kanunyna bagyşlanyp gurlan 185 metrlik Konstitusiýa binasy 2011-nji ýylda açyldy. Ýurduň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi.

2008-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan baýdak sütüni 133 metre bolup, ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.

Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýurduň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti hem geçirildi.

Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 18-nji maý gijesinde Gruziýanyň paýtagty Tbilisiniň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022