Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sişenbe güni Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri bilen wideomaslahat görnüşinde gepleşik geçirildi.
Taraplar halkara maksatly ýükleriň deslapky ýagdaýda jarnamalaşdyrylmagynyň ulgamyny – TIR-EPD hem-de awtomobil ulaglaryny we ýurda girýän şeýle-de üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek bilen bagly meseleler boýunça maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde IRU-nyň wekilleri ýük daşamalaryna degişlilikde ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleri dogrusynda hem-de şeýle meseleleri kadalaşdyrýan halkara hukuk resminamalary barada gürrüň etdiler.
Soňky ýyllarda emele gelen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanmanyň bardygyny aýtmak bilen gatnaşyjylar Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerinde täze ulag ýollaryny döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň ugurlary barada hem pikir alyşdylar.
Onlaýn söhbetdeşlige Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Döwlet gümrük gullugynyň we “Türkmenawtoulaglary” döwlet agentliginiň, şeýle hem Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
IRU-nyň wekilleri bilen şeýle gepleşik 24-nji aprelde hem geçirilipdi.