Türkmen-özbek topary üstaşyr geçelgeleri we ýük gatnawlary barada pikir alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek topary üstaşyr geçelgeleri we ýük gatnawlary barada pikir alyşdy
Taraplar Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň strategik ähmiýetine aýratyn üns berdiler.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginde sişenbe güni wideomaslahat görnüşinde Halkara awtoulag gatnawlary boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky gepleşigi geçirildi. Onuň barşynda ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi maslahatlaşyldy.

Onlaýn söhbetdeşlige gatnaşyjylar soňky ýyllarda bilelikde iri ulag-üstaşyr taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, iki döwleti birleşdirýän halkara geçelgeleriniň, hususan-da, sebit ýollarynyň möhüm bölegine öwrülen, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň strategik ähmiýetine aýratyn üns berdiler.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlarda halkara awtoulag gatnawlarynyň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça sebitde we dünýäde pandemiýanyň täsirine garşy göreşmek işinde Türkmenistanyň netijeli ornuny bellediler.

Taraplar bilelikdäki giň gerimli düzüm taslamalaryny, şol sanda logistika ulgamynda, şeýle hem täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň taslamalaryny amala aşyrmakda goňşy döwletleriň geljekki hyzmatdaşlygy babatda pikir alyşdylar.

Gepleşik Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022