Hytaýdan Türkmenistana gaýdan ilkinji konteýner otlusy Gypjaga geldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýdan Türkmenistana gaýdan ilkinji konteýner otlusy Gypjaga geldi
Gatnaw “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” tarapyndan gurnalyp, “KTZ Express” we “Xinjiang KTZ International Logistics Co. Ltd.” kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyryldy.

Ilkinji Hytaý-Türkmenistan konteýner otlusy Gazagystandan tranzit geçip, çarşenbe güni Gypjak stansiýasyna geldi. Bu gatnaw “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurnalyp, Gazagystanyň “KTZ Express” we Hytaýyň “Xinjiang KTZ International Logistics Co. Ltd.” kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyryldy.

Otly Hytaýyň Jinan Nan menzilinden ýola düşdi we ondan soň Gazagystanyň Horgos, Altynköl we Bolaşak serhet geçelgelerinden Türkmenistanyň Gypjak menziline tarap ugrapdy.

Otly umumy ýükli 44 sany kyrk futluk konteýnerlerden ybarat bolup, ol Gypjaga çenli 15 gün ýol aşdy.

Täze gatnawyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmegine we ýük akymlarynyň ýokarlanmagyna goşant goşjakdygyna garaşylýar.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2018-nji ýylyň iýul aýynda döredildi.

TULM-yň döredilmeginiň maksady Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakdan, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga ýardam bermekden hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ugradyjydan alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzmekden ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022