Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti çarşenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen Durnukly ösüş boýunça ýedinji Aziýa-Ýuwaş ummany forumyna gatnaşdy.
BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESKATO) howandarlygy astynda guralan bu forum guramanyň agza-döwletleriniň we beýleki gatnaşyjy ýurtlaryň resmi wekilleriniň, bilermenleriň hem-de hünärmenleriniň aglabasyny özünde jemledi.
Onlaýn-mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, durnukly ykdysadyýete geçilmegi, durnukly azyk ulgamlarynyň we sagdyn iýmitlenmek ülňüleriniň döredilmegi boýunça maslahat etdiler.
Şeýle-de energetikanyň karbonsyzlaşdyrylmagy we energiýa üpjünçilik serişdelerine ählumumy ygtyýarlygyň üpjün edilmegi, şäher we şäherýaka sebitleriniň durnukly ösüşine ýardam berilmegi, ählumumy ekologiki baýlyklaryň goragy ýaly meselelere üns berildi.
Gatnaşyjylar milli hem-de sebit derejelerinde dessin çäreleri görmegiň esasy ugurlarynyň kesgitlenilmegi bilen, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň amala aşyrylmagynyň tizleşdirilmegi boýunça sebitleýin hereketleriň goldanylmagy babatynda pikir alyşdylar.