Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň portlary Hazarda ýük gatnawyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň portlary Hazarda ýük gatnawyny maslahatlaşdylar
Baku halkara deňiz söwda portuna baran “Berkarar” gämisi (Surat: “Port of Baku”)

Hazaryň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy, Baku, Aktau we Kurik portlarynyň gatnaşmagynda çarşenbe güni COVID-19-a garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada wideokonferensiýa görnüşinde maslahat geçirildi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hem-de Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen geçirilen maslahata Azerbaýjanyň Baku halkara deňiz söwda portunyň, Gazagystanyň Aktau Halkara deňiz söwda we Kurik deňiz portlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Wideokonferensiýada türkmen ilçisi Mekan Işangulyýew Hazar sebitiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň pandemiýa döwründe has-da wajyp bolup durýandygyny aýdyp, strategik taýdan möhüm geçelgäniň yzygiderli we netijeli işlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Baku halkara deňiz söwda portunyň baş direktorynyň orunbasary Wahid Aliýew portuň güýçlendirilen tertipde işleýändigini we dezinfeksiýa işleriniň tiz wagtyň içinde geçirilýändigini belledi. Aliýew portuň çäginde COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülen çäreleri barada gürrüň berdi hem-de tejribelerini Türkmenistanyň we Gazagystanyň portlary bilen paýlaşýandyklaryny aýtdy.

Şeýle hem taraplar Hazarýaka portlarynyň arasynda elektron maglumat alşylmagyny ýola goýmak, portda sanitariýa-epidemiologiki, gümrük we serhet hyzmatdaşlygyny ýygjamlaşdyrmak, ýük gatnadylyşy, sazlaşykly alnyp barylýan karantin ýagdaýlary ýaly birnäçe meselelere seretdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022