Aşgabat we Ankara ulag-üstaşyr gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek barada ylalaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Ankara ulag-üstaşyr gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek barada ylalaşdy
Türkmenistanyň we Türkiýäniň baş diplomatlary ulag-üstaşyr ulgamy boýunça gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagy maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly duşenbe güni wideokonferensiýa arkaly gepleşik geçirdi.

Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýekşenbe güni geçirilen telefon arkaly gepleşigiň barşynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna ulag-üstaşyr we söwda-ykdysady ulgamlary boýunça gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak boýunça berlen tabşyryklardan ugur alyp, taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmegi babatynda ylalaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler, şeýle-de iki halkyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejelidigini belläp geçmek bilen, dünýäniň häzirki şertleriniň nazarda tutulmagynda ýakyn geljek üçin bilelikde durmuşa geçirmek barada täze ähmiýetli ugurlary kesgitlediler.

Bu babatda diplomatlar COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça köpugurly çäreleriň hem-de bilelikdäki tagallalaryň aýratyn ähmiýetini nygtap geçdiler. Şunlukda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumynda bar bolan gatnaşyklaryň tejribesiniň we mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn ulanylmagy boýunça taýýarlyklary hem aýratyn bellenildi.

Şeýle-de diplomatlar sebit hem-de dünýä derejesinde bar bolan çylşyrymly ýagdaýlaryň nazarda tutulmagynda iki ýurduň syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlaryndaky özara gatnaşyklarynyň giň toplumyna seredip geçdiler.

Bu ugurda dürli derejelerdäki gatnaşyklaryň aýratyn derwaýyslygy, şonuň ýaly-da iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň arasyndaky duşuşyklaryň dikeldilmeginiň, başlangyç tapgyrda onlaýn ýagdaýynda ýola goýulmagynyň zerurlygy nygtalyp geçildi.

2022