Aşgabat we “EKSPO–2020”-niň guramaçylary serginiň geljek ýyla geçirilmegini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we “EKSPO–2020”-niň guramaçylary serginiň geljek ýyla geçirilmegini maslahatlaşdylar
“EKSPO–2020” halkara sergisini Dubaýda geçirmek çözgüdi 2013-nji ýylda Sergileriň Halkara býurosynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda kabul edilipdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde çarşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen “EKSPO–2020” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk toparynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi.

Türkmen tarapynyň wekilleri dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýlaryny nazarda tutup, “EKSPO–2020”-niň gurnamagyny geljek ýyla geçirmek boýunça BAE-niň öňe süren başlangyjyny Türkmenistanyň goldandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň dowamynda guramaçylyk meselelerine hem garaldy.

Şeýle-de taraplar işewür gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş etdiler. Geljek ýyl Türkmenistanyň Bütindünýä forumyna gatnaşmagynyň dürli pudaklarda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem ýardam etjekdigi nygtaldy.

“EKSPO–2020” halkara sergisini Dubaýda geçirmek çözgüdi 2013-nji ýylda Sergileriň Halkara býurosynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda kabul edildi.

“EKSPO–2020” sergisinde guruljak Türkmenistanyň pawilýony üçin 1581 inedördül metr ýer bölünip berlipdi. Onuň 976 inedördül metrinde ýurduň sergi binasyny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

2022