Türkmenistanyň wekiliýeti anna güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Duşuşyk dar hem-de giňişleýin düzümlerde geçirildi. Mejlisiň dowamynda Hökümet baştutanlary Arkalaşygyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag, senagat ulgamlarynda özarahereket etmegiň hem-de koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasyna garşy göreşmek derwaýys meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar.
Bu ugurda taraplar COVID-19 wehiminiň ýaýramagynyň ýeňip geçilmeginde tagallary utgaşdyrmagyň we umumy çemeleşmeleri işläp düzmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow “Emele gelen häzirki ýagdaýlarda biziň däp bolan gün tertiplerimiz üýtgeýär we biz koronawirus pandemiýasyna garşy göreşe örän aýratyn üns bermelidiris” diýip belledi. “GDA-nyň ýurtlarynyň bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli gurallaryny ýola goýmalydyklary görnetindir”.
Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde garalan düýpli resminamalaryň biri hem GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň taslamasydyr. Strategiýanyň mazmuny Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçen ýyl işlenilip düzülen we kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Aşgabat Jarnamasynyň mazmunyna we meýillerine gabat gelýär.
Mejlisde, şeýle-de GDA döwletleriniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutýan Ugurlary hakyndaky, GDA-da 2021-nji ýylda Binagärlik we şäher gurluşygy ýylyna bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasy hakyndaky, GDA döwletleriniň 2021-2030-njy ýyllar üçin bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlygynyň ösüş Strategiýasy hakyndaky we COVID-19 koronawirus ýokanç keseliniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň bilelikdäki tagallalary hakyndaky resminamalaryň çözgütlerine seredildi hem-de kabul edildi.