Türkmenistanyň gümrük goýberiş nokatlarynda gurlan dezinfeksiýa terminallarynda daşary ýurtlardan gelýän awtoulaglar uzynlygy 26 metr bolan tranşeýadan geçirilýär.
“Tranşeýanyň çuňlugy 70 santimetr bolup, ol suwuk zyýansyzlandyryş serişdesi bilen doldurylýar. Soňra ýörite serişde bilen awtoulagyň kabinasy we tutuş ýokarky bölegi zyýansyzlandyrylýar. Dezinfeksiýa işlerinden soň awtoulag gümrük barlagyna çenli bir sagat garaşdyrylýar” diýip, gümrük goýberiş nokadynyň hünärmeni H.Orazgeldiýew “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren söhbetdeşliginde aýtdy.
Orazgeldiýewiň aýtmagyna görä, awtoulagyň eýesiniň resminamalary, ulag we ýük barada resminamalar hem 25-30 minudyň dowamynda ýörite enjamlarda zyýansyzlandyrylýar. Awtoulagyň eýesi bolsa lukmançylyk barlagyna ugradylýar.
Bu zyýansyzlandyryş tertibi awtoulag we demir ýol gümrük goýberiş nokatlarynda geçirilýär, şeýle hem Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda gämiden awtoulaga ýüklenýän ähli konteýnerlerde dezinfeksiýa edilýär.
Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlardaky hereketleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 ýokanjynyň tutuş dünýäde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen işlenip düzülen tekliplerine doly laýyk gelýär.