“Inkoterms 2020”-däki söwda adalgalary

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Inkoterms 2020”-däki söwda adalgalary
Deňiz we beýleki suw ulaglary arkaly amala aşyrylýan ýük daşamalarynda ulanylýan adalgalar üýtgeýär.

Inkoterms düzgünleriniň düzümine girýän adalgalar üç harply gysgaldylan goşma sözdür. Birinji harp satyjydan alyja borçnamanyň geçen pursadyny we ýerini görkezýär:

E – ýüküň ugradylan pursadynda we ýerinde borçnamalar alyja geçýär;

F – borçnamalaryň geçiş nokady – ýüküň ugradylan terminaly, ýöne iberilýän ýüküň esasy bölegi tölenmedik ýagdaýynda;

С – ýüküň esasy böleginiň tölegi doly möçberde geçirilýär, borçnamalar bolsa, ýüküň geliş terminamallaryna gowşan pursadynda geçýär;

D – alyjy harydy kabul eden pursadynda borçnamalaryň geçmegi bilen amala aşyrylýan “doly eltip bermegi” aňladýar.

Uniwersal adalgalar

EXW – (iňlisçe ex works, franko-ammar, franko-zawod). “Özüň ýüki çykarmak” diýmekdir. Daşamalaryň şu toparynda satyjynyň ammary franko nokady, ýagny jogapkärçiligiň iberijiden alyja geçýän ýeri bolup durýar. 

FCA – (iňlisçe free carrier, franko-daşaýjy). Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, harydyň daşaýjy tarapyndan kabul edilýän ýerine harydy eltmäge satyjyny borçly edýän düzgün (eksport paçlarynyň tölegi – iberijiniň borjy).

CPT – (iňlisçe carriage paid to, daşama ___ çenli tölenen). Daşamanyň esasy bölegi, ýagny barmaly nokadyna çenli tölegi satyjynyň üstünde durýar. Şertnama laýyklykda, satyjy daşaýja harydyň eltilmegini amala aşyrýar (ätiýaçlyk we gümrük ýygymlary, daşary ýurtlardan haryt getirilende ýerine ýetirilýän çäreler toplumy  üçin çykdajylar alyjynyň jogapkärçiliginde).

CIP – (iňlisçe carriage and insurance paid to, daşama we ätiýaçlandyrma___ çenli tölenen). CPT toparyna meňzeş eltiliş düzgünidir. Tapawudy ätiýaçlandyryş üçin tölegleri tölemek borjuny satyja ýüklenilýändiginden ybaratdyr.

DAP – (iňlisçe delivered at place, ___ ýere çenli eltme). Import paçlaryny we salgytlary tölemek boýunça borçnamalary alyjy döwlete-satyja ýüklemek bilen harydy barmaly ýerine eltmegi aňladýar.

DDP – (iňlisçe delivered duty paid, paçlary tölemek bilen eltip bermek). Çykdajylary satyja doly derejede ýüklemek bilen harydy barmaly ýerine eltmekdir.

DPU – (iňlisçe delivered at place unloaded, düşürilmeli ýerine eltmek). Inkoterms 2020-niň DPU düzgüni Inkoterms 2010-nyň DAT düzgüniniň ornuny tutdy we eltilmeli ýeri terminaldan başlap düşürilmeli islendik ýere çenli giňeltdi (indi düşürilmeli ýer bolup, diňe terminal ýa ammar däl, açyk meýdan hem bolup biler). Mundan beýläk satyjy we alyjy harydy eltmek üçin islendik ýeri belläp biler (öň bolsa diňe anyk terminaly belläp bolýardy). DPU we DAT eltiş şertleri galan zatlar babatda mazmuny boýunça meňzeşdir.

DAT (2010 ýyla degişli) – (iňlisçe delivered at terminal, terminala çenli eltme). Çykdajylary satyjynyň we alyjynyň arasynda paýlamak: satyjy eltilmeli terminala çenli ibermän, eksport töleglerini, ätiýaçlandyryş ýygymlaryny; alyjy bolsa haryt serhetden geçirilende ýerine ýetirilmeli çäreleriň tölegini we eltilmeli ýerine çenli daşamagyň galan bölegini töleýär. 

Deňiz we beýleki suw ulaglary arkaly amala aşyrylýan ýük daşamalaryna degişlilikde ulanylýan adalgalar

FAS – (iňlisçe free alongside ship, gäminiň bortunyň ugrunda erkin). Ýükläp ugratman harydy alyjynyň gämisine eltmek. Ýükläp ugratmak we eltmek boýunça tölegler alyjynyň üstüne ýüklenýär.

FOB – (iňlisçe free on board, franko bort). Alyja degişli ýa-da alyjy tarapyndan tölenen gämä harydy ýükläp ugratmak. Şunda terminala çenli eltiş üçin töleg satyjynyň borjuna girýär.

CFR – (iňlisçe cost and freight, baha we fraht). Şertnamada görkezilen porta çenli ýüki daşamak. Eltmek, ätiýaçlandyryş, ýükleri düşürmek we geçirip ýükleme işleri üçin çykdajylary alyjy özbaşdak çekýär.

CIF – (iňlisçe cost, insurance and freight, baha, ätiýaçlandyryş we fraht). CFR toparyna meňzeş bolan eltiliş düzgünidir. Emma ätiýaçlandyryş gatançlarynyň tölegi satyja ýüklenýär.

Halkara söwda edarasy (ICC) 2020-nji ýyldan bäri “Inkoterms 2020” täze düzgünleri ulanmagy borçly edenok, diňe olaryň ulanylmagyny maslahat berýär, şonuň üçin halkara şertnamalarynda “Inkoterms 2010”-yň, “Inkoterms 2000”-niň, hatda Inkotermsiň has irki görnüşleriniň düzgünlerine salgylanyp bolýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022