Ilkinji hususy ekipažly gämi älem stansiýasyna üstünlikli uçuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ilkinji hususy ekipažly gämi älem stansiýasyna üstünlikli uçuryldy
Floridadaky Kennedi älem merkezinden şenbe güni “Crew Dragon” älem gämisi “Falcon 9” raketasy bilen uçuryldy. (Surat: “Reuters”)

Ilkinji hususy “SpaceX” älem gämisi ýekşenbe güni NASA-nyň iki sany astronawtyny Halkara älem stansiýasyna eltdi.

NASA-nyň ýekşenbe güni beren metbugat beýanatyna görä, Robert Benken we Duglas Herli “SpaceX” kompaniýasynyň “Crew Dragon” gämisinde Halkara älem stansiýasyna baran ilkinji astronawtlardyr. Benken we Herli “Ekspedisiýa-63”-iň agzalary bolan NASA-nyň astronawty Kris Kassida hem-de “Roskosmos”-yň kosmonawtlary Anatoliý Iwanişine we Iwan Wagnere goşuldy.

“Apollon 11” gämisini aýa uçurmak üçin ulanylan Floridadaky Kennedi älem merkezinden şenbe güni “Crew Dragon” älem gämisi “Falcon 9” raketasy bilen uçuryldy. Uçuş ulagynyň ilkinji basgançagy Atlantik ummanyndaky platforma gondy. Üstünlikli gonuşy ony täzeden ulanmaga mümkinçilik berýär.

“Bloomberg”-iň habaryna görä, bu amerikaly astronawtlaryň 2011-nji ýylda “Space Shuttle” maksatnamasy tamamlanaly bäri ABŞ-da amala aşyrylan ilkinji uçuşdyr. Bu üstünlik Ilen Maskyň “Space Exploration Technologies Corp.” kompaniýasyny esaslandyrandan 18 ýyl soň ýerine ýetirildi.

2011-nji ýyldan bäri NASA astronawtlary Russiýanyň “Soýuz” älem gämisi bilen Halkara älem stansiýasyna gowuşýardy we ABŞ her uçuş üçin onlarça million dollar töleýärdi. “SpaceX” gämisinde uçuşyň ondan arzan bolmagyna garaşylýar.

Mask bilen bilelikde, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump we wise-prezidenti Maýk Pens hem uçuşa tomaşa etdiler. Gämi uçurylmazyndan ozal Trump iki astronawt bilen söhbetdeş boldy.

“Demo-2” diýlip atlandyrylan bu uçuş “SpaceX”-iň adamlary äleme uçurmak ulgamynyň älem stansiýasyna dowamly uçmagy üçin NASA-nyň ygtyýarlygyny almagy üçin soňky synagydyr. “Boeing Co.” kompaniýasy hem NASA-nyň “Commercial Crew” täjirçilik maksatnamasynyň çäginde adamlary Halkara älem stansiýasyna uçurmaga taýýarlanýar.