BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Dikeldişe tarap hereket” atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat gurnady.
Maslahat ýokanç kesele garşy göreşmegiň mümkin bolan iň gowy usullary barada pikir alyşmak, şeýle-de howpsuz we netijeli usullar arkaly syýahatçylyk işini dikeltmek boýunça bilelikdäki işleri ýola goýmak üçin meýdançany döretmek maksady bilen geçirildi.
Ýokary derejeli bu çäre iki ugurly pikir alyşmalar boýunça geçirildi. Birinji mejlisiň dowamynda syýahatçylyk ulgamyndaky goldaw we COVID-19 ýokanjynyň durmuş-ykdysady netijelerini azaltmak çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikinji mejlis dikeldiş ýolundaky öňdebaryjy tejribä we netijeli strategiýa bagyşlanyp, onda öňdebaryjy tejribeler, şeýle-de çökgünligi ýeňip geçmegiň netijeli syýasaty boýunça amala aşyrylýan çäreler barada pikir alşyldy.
Maslahatda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň işläp düzen teklipleri hem beýan edildi. Mundan başga-da, maslahatda gatnaşyjy ýurtlaryň iň gowy tejribeleri bilen tanyşdyryldy.
Sebitleýin maslahata Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, GDA ýurtlarynyň milli syýahatçylyk ulgamyna jogapkär ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministri gatnaşdy.