Türkmen we eýran resmileri dezinfeksiýa desgalary barada pikir alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we eýran resmileri dezinfeksiýa desgalary barada pikir alyşdylar
Türkmen we eýran wekilleri gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurulýan desgalara gözegçilik etmek we olary işe girizmek barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleriniň bilelikdäki iş topary 30-njy maýda wideoaragatnaşyk arkaly gözegçilik-geçiriş nokatlary boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Taraplar “Sarahs–Sarahs”, “Artyk–Lütfabat” we “Altyn Asyr–Inçeburun” gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu desgalary işe girizmek barada pikir alyşdylar.

Maslahatyň dowamynda agzalan desgalaryň işleýiş kadalary, onuň üsti bilen ýükleriň göni ýagdaýda geçirilmeginiň düzgünleri bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, “Türkmendemirýollary” döwlet agentliginiň, Türkmenistanyň Döwlet Serhet, Gümrük gulluklarynyň, şeýle hem beýleki degişli edaralaryň işgärleri gatnaşdylar.