Aşgabat Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek boýunça mejlise gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek boýunça mejlise gatnaşdy
Mejlisde Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň kämilleşdirilmegi we halkara gün tertibiniň dünýäniň energiýa bazarlaryna täsiri meselelerine garaldy.

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly sişenbe güni 1994-nji ýylda gol çekilen Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň mejlisi geçirildi.

Mejlise gatnaşyjylar Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň kämilleşdirilmegi we halkara gün tertibiniň dünýäniň energiýa bazarlaryna täsiri bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Maslahatda energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň amaly, normatiw we hukuk meseleleri boýunça hem pikir alşyldy hem-de 2019-njy ýylyň dekabrynda geçirilen mejlisiň gysgaça hasabaty tassyklanyldy.

Gatnaşyjylar energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge ymtylýandyklaryny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurlygy bellenilip geçildi.

2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasy boýunça Maslahatyň 28-nji Mejlisi geçirildi hem-de onuň dowamynda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Deklarasiýasy kabul edildi. Bu resminama energetika ulgamyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we energetiki howpsuzlygy ýokarlandyrmaga ýardam bermek maksady bilen Energetika Hartiýasynyň Prosesini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny tassyklady.

Köptaraplaýyn gepleşiklere Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň we Aziýanyň birnäçe ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri gatnaşdy.

Energetika Hartiýasynyň Şertnamasy energiýa pudagynda serhetara hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn binýadyny kesgitleýän halkara maýa goýum şertnamasydyr. Şertnama söwda, tranzit, maýa goýumlary we energiýa netijeliligi ýaly ugurlary öz içine alýar.

2022