Türkmen gümrükçileri haryt söwdasy we eksport gözegçiligi boýunça seminara gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen gümrükçileri haryt söwdasy we eksport gözegçiligi boýunça seminara gatnaşdy
Seminar “Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça global maksatnamasynyň” çäklerinde gurnaldy.

“Konteýner gatnawlara gözegçilik etmek boýunça global maksatnamasy” çäklerinde 26–28-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin strategiki haryt söwdasy we eksport gözegçiligi barada habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça onlaýn seminar geçirildi. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda mälim etdi.

Bu çäre BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdiriýetiniň (UNODC) we Bütindünýä gümrük guramasynyň “Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça global maksatnamasynyň” çäklerinde UNODC-niň Merkezi Aziýa boýunça bölümi tarapyndan gurnaldy.

Bu seminar 2020-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen we Döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň strategiki haryt söwdasy we eksport gözegçiligi, şeýle hem häzirki zaman gümrük gözegçiliginiň usullaryny ulanmak maksady bilen, Türkmenistan üçin Konteýner gatnawlara gözegçilik etmek boýunça global maksatnamany uzakdan öwrenmek boýunça çäreleriň bir bölegidir.

Okuwyň açylyşynda BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebit maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Batyr Geldiýew Daşary işler ministrligine we Döwlet gümrük gullugyna bu çäräni Aşgabatdaky gümrük merkezinde we Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda onlaýn görnüşde geçirendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem, Geldiýew COVID-19 ýokanjynyň dünýäde ýaýramagy bilen baglanyşykda, Konteýner gatnawlara gözegçilik etmek boýunça global maksatnamasynyň häzirki ýagdaý babatda okuw strategiýasyny işläp düzendigini we uzak aralyk okuw modullaryny, nazary onlaýn okuwlaryny we guramaçylykly jenaýat toparlary tarapyndan harytlaryň üpjünçilik zynjyrynyň bikanun maksatlar üçin ulanylmagynyň öňüni almak we maksatnamanyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin uzak aralyk okuw programmalaryny uýgunlaşdyrandygyny belledi. 

Konteýner gatnawlara gözegçilik etmek boýunça global maksatnamanyň Merkezi Aziýa üçin sebit segmenti Ýaponiýanyň Hökümeti we ABŞ-nyň Halkara neşe serişdelerine garşy göreş we hukuk goraýyş boýunça döwlet departamentiniň býurosy, şeýle hem Eksport gözegçiligi we serhet howpsuzlygy maksatnamasy (EXBS) tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022