Özbegistan iýul aýynda “Volkswagen” awtoulaglarynyň önümçiligine başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan iýul aýynda “Volkswagen” awtoulaglarynyň önümçiligine başlar
Häzirki wagtda “Jizzakh Auto” zawodynyň gurluşygy soňky tapgyrda alnyp barylýar. (Surat: “Uzavtosanoat”)

Özbegistan “Volkswagen Caddy” ýeňil we ýük awtoulaglaryny öndürip başlar. Bu barada “Uzawtosanoat”-yň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Şu ýylyň mart aýynda Özbek awtoulag öndürijisi, “Uzavtosanoat” we “Volkswagen Group Rus”, “Jizzah Awtoulag Zawody LLC”-de ýeňil ulaglarynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekipdiler. Häzirki wagtda “Jizzakh Auto” zawodynyň gurluşygy soňky tapgyrda alnyp barylýar.

Zawodyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 20,000 awtoulag bolar. “Volkswagen Caddy” Özbegistanda iki görnüşde hödürlener: ýedi orunlyk ýolagçy ulagy we kiçi ýük ulagy.

Önümçilik işini çaltlandyrmak üçin Özbegistana “Volkswagen Caddy” awtoulaglarynyň bir tapgyry getirildi we ygtyýarnama almak üçin degişli guramalara geçirildi.

Şol bir wagtyň özünde, “Jizzakh-Avto” bilen hyzmatdaşlyk etjek birnäçe şahamça kärhanalary kesgitlenildi. “Volkswagen Caddy”-niň satuwy iýul aýynda başlar.

“Uzavtosanoat” “Volkswagen”-iň global standartlaryna laýyklykda, “Jizzakh-Avto” we şahamçalary üçin ýörite okuw maksatnamasynyň işlenip düzülendigini aýtdy.

2018-nji ýylda Asaka, Pitnak we Daşkentdäki zawodlarynda 220,000 awtoulag öndüren “Uzavtosanoat” 2019-njy ýylda 271,000 awtoulag öndürdi. Kompaniýa esasan-da, “Chevrolet” kysymly awtoulaglary öndürýär. Özbek awtoulag öndürijisi 2019-njy ýylda 100,000 sany ulagy eksport etdi. Ýeňil awtoulaglardan başga-da, kärhana söwda ulaglaryny, awtobuslary we beýleki ätiýaçlyk şaýlaryny eksport edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022