Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi
Şu ýyl Türkmenistanyň gallaçylary 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler.

Türkmenistanyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary anna güni galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 12-nji iýunda goşularlar.

Şu ýyl ýurduň gallaçylary 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda 310 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna we Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar.

Ýurtda önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, olara tehniki hyzmat üçin tohum, mineral dökün, ösümlikleriň gorag serişdelerini almagy babatda ýeňillikli şertler döredilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi olaryň öz zähmetiniň netijelerine bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakynda” Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2020-nji ýylyň hasyly üçin ekilen gowaçanyň zyýankeşlerine, köpýyllyk haşal otlaryna garşy göreşmekde, gowaçanyň ýapragyny düşürmekde hem-de 2021-nji ýylyň hasyly üçin ekiljek bugdaý tohumyny kesellere garşy dermanlamakda karantin we galla ammarlarynyň zyýankeşlerine garşy göreş çärelerini geçirmekde, şeýle hem ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmekde zyýansyzlandyryş çärelerini geçirmek üçin ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

2022