Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan multimodal geçelgesinden ilkinji konteýner otlusy ugrady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan multimodal geçelgesinden ilkinji konteýner otlusy ugrady
25 konteýnerden ybarat otly Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň üstünden geçip, Mary stansiýasyna çenli barar. (Surat: “Xinhua”)

Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan multimodal geçelgesinden ilkinji otlyny işe girizmegiň resmi dabarasy 5-nji iýunda Hytaýyň Gansu welaýatynyň Lançžou şäherinde geçirildi. Bu barada “O'zbekiston temir yo'llari” paýdarlar jemgyýeti şenbe güni metbugat beýanatynda aýtdy.

Özbegistanyň milli demirýol kompaniýasy 25 konteýnerden ybarat otlynyň Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň üstünden geçip, Türkmenistanyň Mary stansiýasyna çenli baryp ýetjekdigini beýanatda ýazýar.

Otlynyň esasy operatorlary Hytaýyň “JST Logistic Corporation LTD” we “Uzbektemiryulekspeditsiya” UE transport kompaniýalarydyr.

Bilelikdäki özbek-hytaý “Silk Road International LLC” kärhanasy Hytaýyň Kaşgardaky demir ýol menzilinden Gyrgyzystanyň Oş şäherindäki demir ýol menziline konteýnerleri awtoýolda daşamak işlerini ýerine ýetirer.

Özbek demirýol kompaniýasy “Bu gatnaw “O'zbekiston temir yo'llari” paýdarlar jemgyýetiniň ýük daşamagyň geografiýasyny giňeltmek boýunça alyp barýan işleriniň netijesidir” diýip belleýär. “O'zbekiston temir yo'llari” multimodal transport koridorlarynyň üsti bilen Hytaýa, Türkiýä, Ýewropa, Russiýa we Baltika portlaryna konteýner otlularyny daşamak üçin amatly nyrhlary üpjün etmek maksatly esasy logistika kompaniýalary we operatorlar bilen şertnamalara gol çekdi.

Hytaýyň CGTN teleýaýlymynyň habar bermegine görä, täze geçelgäniň uzynlygy 4380 kilometr bolup, ol Gazagystanyň Horgos şäherinden geçýän ugurdan 295 kilometr gysgadyr. Lançžoudan Daşkende çenli gatnaw beýleki geçelgeler bilen deňeşdirilende bäş gün azdyr we jemi 7-10 gün dowam eder.