Merkezi Aziýanyň parlamentariýleri bilen ÝHHG COVID-19 döwründäki gatnaşyklary seljerdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýanyň parlamentariýleri bilen ÝHHG COVID-19 döwründäki gatnaşyklary seljerdiler
Merkezi Aziýanyň Parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy COVID-19 zerarly ýüze çykan çökgünlik meselelerine seretdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy Georgiý Tsereteliniň arasynda sişenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaşmalar geçirdi.

Onlaýn-sessiýada türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wekilçilik etdi. Bu barada Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Web-gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň ýerli hem-de sebit derejesindäki ykdysady ösüş, kanunçylyk özgertmeleri ýaly ulgamlarynda alyp barýan işleri, sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, parlamentariýleriň ÝHHG-niň PA-nyň işine gatnaşyklarynyň ýygjamlaşdyrylmagy dogrusyndaky çykyşlary diňlenildi. 

Mundan başga-da, pikir alyşmalaryň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan çökgünlik bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyna hem seredip geçdiler.

Bu ugurda gatnaşyjy-döwletleriň her biriniň geljekde taýýarlyklaryny, durnuklylyklaryny we jogap hereketlerini ýokarlandyrmagyň özboluşly usuly hökmünde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň yzygiderli onlaýn-gepleşikler arkaly tejribäniň, şonuň ýaly-da öňdebaryjy bilimleriň utgaşdyrylmagy bilen özara goldawy ýaýbaňlandyrýandygy hem aýratyn bellenilip geçildi.

Çykyşlarda türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň, şonuň ýaly-da Mejlisiň häzirki çylşyrymly döwürde durmuşa geçirýän hereketleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň hereketleri bilen utgaşdyrylan hem-de dünýäniň ähli ilatyny durnukly howplaryň giň toplumyndan çäklendirmäge hem-de raýatlaryň esasy hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmäge we ykdysadyýetleriň uzakmöhletleýin dikeldilmegini hemmetaraplaýyn goldamaga ukyply bolan jogap çäreleriniň işlenilip düzülmegine ýardam edýändigini nygtady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022