Döwlet gullugy akademiýasynyň onlaýn okuwyna gatnaşyjylara hormat hatlary gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Döwlet gullugy akademiýasynyň onlaýn okuwyna gatnaşyjylara hormat hatlary gowşuryldy
Türkmenistanyň dürli guramalaryndan hünärmenleriň 20-si okuwlaryň ilkinji diňleýjileri boldular. (Surat: UNDP)

Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistraturasynyň “Sanly dolandyryş” synag okuwynyň diňleýjilerine hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan hem-de ornaşdyrylan gysga möhletli täze okuw maksatnamasy şu ýylyň 24-nji martynda badalga alypdy.

Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň 20-si okuwlaryň ilkinji diňleýjileri boldular.

“Özüne 10 dersi birleşdirýän täze okuw tapgyry diňleýjilere sanly ulgamy ösdürmek şertlerinde döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döwrebap maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmäge ýardam eder” diýlip, TDH-nyň berýän habarynda beýan edilýär.

BMGÖM bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Döwlet gullugy akademiýasyny ösdürmegiň strategiýasy işlenip taýýarlanyldy, soňky ýyllarda bu akademiýa daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy.

2022